Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Ermenistanyň 8 raýaty heläk boldy


Awtobusyň heläkçilige uçran ýeri, Tula regiony, 3-nji noýabr, 2015.

Orsýetiň merkezinde Ermenistanyň raýatlaryny alyp barýan awtobusyň agdarylmagy zerarly sekiz adam wepat boldy we 30-dan gowragy ýaralandy.

Orsýetiň Tula regionynyň resmileri Ermenistanyň paýtagty Ýerewana 59 ýolagçyny alyp barýan awtobusyň 2-nji noýabrda agşam heläkçilige uçrandygyny aýtdylar.

Polisiýanyň maglumatynda sürüjiniň ulaga “kontroly ýitirendigi” aýdyldy we heläkçiligiň sürüjiniň uklap galmagynyň ýa-da tehniki kemçiligiň netijesinde emele gelmeginiň has ähtimaldygy bellendi.

Tulanyň Içeri işler ministrligi awtobusyň iki sürüjisiniň polisiýa tarapyndan sorag edilýändigini we iki jenaýat işiň gozgalandygyny habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG