Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Forbes Putini iň güýçli şahs atlandyrdy


Wladimir Putin
Wladimir Putin

«Forbes» žurnaly Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini tapgyr üçünji ýyl 'dünýäniň iň güýçli şahsy' atlandyrdy.

Bu ýyllyk dereje 4-nji noýabrda yglan edildi.

Putin mundan biraz öň günbataryň özüni sanksiýalar arkaly izolirlemek synanyşyklaryna garşy durup, howa zarbalaryny urmak bilen, Siriýa urşunda täze front açypdy we Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady kabul edipdi.

"Putin dünýäde islän zadyny etmäge gurby ýetýän we aman galýan az sanly adamlaryň biridigini subut etmegi dowam etdirýär» diýip, “Forbes" aýdýar.

German kansleri Angele Merkel geçen ýyl bäşinji orunda bolanlygyndan bu ýyl ikinji orna geçdi, amerikan prezidenti Barak Obama geçen ýyl ikinji bolanlygyndan bu ýyl üçünji orna süýşdi.

XS
SM
MD
LG