Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenko prezident kasamyny etdi


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Minsk, 6-njy noýabr, 2015
Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Minsk, 6-njy noýabr, 2015

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko resmi taýdan bäşinji gezek prezidentlik wezipesine geçdi. Ýakynda Belarusda geçirilen saýlawlara günbatarly synçylar açyk we adalatly däl diýip baha berdiler.

Lukaşenko 6-njy noýabrda Minskde kasam edip, “Men Belarus respublikasynyň halkyna hyzmat etmegi, adam we raýat hukuklaryna hormat goýmagy hem goramagy, Belarusyň konstitusiýasyny we öz borçlarymy çyn ýürekden berjaý etmegi wada berýärin” diýdi.

Belarusa tasdan 21 ýyllap ýolbaşçylyk eden Lukaşenko soňky saýlawlarda sesleriň 83.5% sese eýe boldy.

XS
SM
MD
LG