Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Patyşa Romanowyň galyndylary gaýtadan barlandy


Orsýetiň derňew komitetiniň metbugat-wekili patyşa Nikolaý ikinjiniň we onuň maşgala agzalarynyň mazarlaryndan alnan we gaýtadan barlanan galyndylaryň hakykydygynyň tassyklanandygyny mälim etdi.

Nikolaý Markiniň 11-nji noýabrda aýtmagyna görä, Orsýetiň Genetika boýunça baş institutynyň süňkleri barlap, geçiren DNK testleri “Nikolaý ikinjiniň köýnegindäki gan yzlarynyň barlaglaryndaky netijelerine” gabat gelýär.

1917-nji ýylda tagtdan agdarylan Nikolaý Romanowyň maşgalasynyň ýedi agzasy 1918-nji ýylda Ýekaterinburgda atylyp öldürildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG