Orsýetiň Arhangelsk şäher sudy täjik erkegini «terrorçylyk propagandasy» aýyplamalary üçin üç ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.
Arhangelsk regional prokuraturasy 20 ýaşyndaky Şahboz Azimowy ýigrenji öjükdirmekde, terrorçylyga çagyryş etmekde, internet arkaly terrorçylygy aklamakda günäli tapdy.
Derňewçiler Azimowyň internetde Orsýetdäki musulmanlary musulman dällere garşy jyhada çagyrandygyny, şeýle-de Yrakdaky we Siriýadaky yslamçy jeňçileriň hataryna goşulmagy wagyz edendigini aýdýarlar.
Azimowyň hökümden şikaýat etmek üçin 10 gün wagty bar.