Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G-20: Obama we Putin Türkiýede duşuşdy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (çepde) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (sagda).
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (çepde) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (sagda).

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Türkiýäniň Antaliýa şäherinde geçirilýän G-20-lik toparynyň sammitiniň çäginde duşuşdylar.

Şol duşuşykda iki lider elleşip görüşdi we özara gürrüň etdiler, emma olaryň sesi eşidilmedi.

Ak tamyň metbugat wekili, iki lideriň 35 minutlap gürleşendigini we şol duşuşykda Siriýada dowam edýän graždanlyk urşy barada pikir alşylandygyny mälim etdi.

Gepleşikde aýratynam Siriýada syýasy geçiş döwri hakda gürrüň edilipdir.

Ak tamyň beren maglumatyndan çen tutulsa, prezident Obama bilen prezident Putiniň arasynda bolan gepleşikde Ukrainadaky ýagdaýlar hakda hem pikir alşylypdyr.

Şol duşuşykda prezident Obama Müsüriň Sinaý ýarymadasynda bolan uçar heläkçiliginde wepat bolan rus raýatlary bilen bagly prezident Putine öz gynanjyny bildiripdir.

Harby çäreler ýygjamlaşar

Bu Orsýetiň sentýabr aýynyň soňunda, Siriýada harby çärelere başlanyndan bäri, iki lideriň arasynda bolan ilkinji duşuşykdyr.

Şu hepdäniň soňunda Parižde bolan hüjümler Antaliýada geçirilýän sammitiň esasy gün tertibinde bolar diýlip garaşylýar. ”Yslam döwleti” atly topar tarapyndan amala aşyrylan şol hüjümlerde azyndan 129 adam heläk boldy.

ABŞ-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatçysy Ben Rhodes Fransiýada bolan şol wakalardan soňra Waşingtonyň Pariž bilen hyzmatdaşlykda, Siriýada we Yrakda yslamçy jeňçilere garşy amala aşyrylýan harby çärelerini barha ýygjamlaşdyrjakdygyny aýtdy.

Ol Antaliýada geçirilýän ýygnagyň çäginde eden çykyşynda ”Yslam döwleti” atly terror toparyna garşy ýurduň içinde göreş alyp barýan beýleki toparlaryň ýarag bilen üpjün edilmeginiň täsirli bolandygyny hem sözüne goşdy.

Ünsi “YD-a” gönükdirmek

Rohds ”Yslam döwleti” toparynyň ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda iş alyp barýan ýurtlarda terror hüjümlerini amala aşyrmak isleýändigini aýdyp, ýöne bu ugurda häzirlikçe anyk alamatlar ýok diýdi.

Şol bir wagtyň özünde Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk Orsýeti öz ünsüni, Siriýanyň dünýewi oppozision toparyna garşy däl-de, eýse ”Yslam döwleti” toparyna garşy gönükdirmäge çagyrdy.

Orsýet özüniň Siriýada ”Yslam döwleti” toparyny bombalaýandygyny aýdýar, emma günbatar ýurtlarynyň aglabasy Moskwanyň esasy maksadynyň öz ýarany Başar al-Assadyň häkimiýet başynda galmagyny gazanmakdan ybaratdygyny aýdýarlar.

Tusk Orsýetiň Siriýadaky hüjümlerini dowam etdirmeginiň ýurtdan bosup çykýan bosgunlaryň mundan beýlägem has artmagyna getirjekdigini nygtap, biz bu baradaky çaklamalarymyzyň dogrudygyny görkezýän käbir alamatlary eýýäm görýäris diýdi.

XS
SM
MD
LG