Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şwesiýa hüjümi 'planlaşdyran' adamy ele saldy


Şwesiýanyň polisiýasy
Şwesiýanyň polisiýasy

Şwesiýanyň häkimiýetleri tutuş ýurt boýunça iki günläp geçirilen gözlegleriň netijesinde “terrorist hüjümini” planlaşdyrmakda güman edilýän adamy tussag edendigini aýtdylar.

AFP agentliginiň Şwesiýanyň howpsuzlyk gulluklaryna salgylanyp habar bermegine görä, yrakly Mutar Muthanna Majidi Boliden şäherinde başpena gözleýänler üçin merkeze geçirilen reýdiň netijesinde ele salynypdyr.

Şwesiýanyň howpsuzlyk polisiýasy Saponyň ýolbaşçysy Anders Thornberg öz edarasynyň “takyk aňtaw” maglumatyň esasynda hereket edendigini, emma tutha-tutlugyň 13-nji noýabrda Parižde bolan we 129 adamyň ölümine getiren hüjümler bilen bagly däldigini aýtdy.

Tussag edilen adamyň Pariždäki hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alan “Yslam döwleti” ekstremist topary bilen gatnaşygynyň bolmagy çak edilýär.

XS
SM
MD
LG