Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Sowet içalysy 30 ýyldan boşadyldy


ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk agentliginiň (NSA) öňki işgäri Sowet Soýuzynyň peýdasyna içalyçylyk etmekde aýyplanyp, 1986-njy ýylda tussaglyga höküm edilen Ronald Pelton 30 ýyldan soň tussaghanadan boşadyldy.

ABŞ-nyň federal tussaghanalara degişli hökümet hasabatlarynda 74 ýaşly Ronald Peltonyň tussaglyk möhletiniň 24-nji noýabrda dolandygy görkezilýär.

Milli howpsuzlyk agentliginiň aragatnaşyk boýunça bilermeni Pelton 1985-nji ýylda tussag edilip, Sowet Soýuzyna aňtaw signallaryny 35 müň amerikan dollaryna satmak bilen baglylykda aýyplanypdy.

ABŞ-nyň prokurorlary KGB-niň gaçgak ofiseriniň Peltona garşy görkezendigini aýtdylar. Bu ofiseriň soň Moskwa dolanyp barandygyny “Associated Press” agentligi habar berdi.

ABŞ-nyň Tussaghanalar boýunça edarasynyň metbugat-wekiliniň “Associated Press” agentligine aýtmagyna görä, Pelton tussaglygynyň soňky ýyly federal türmeden öý tussaglygyna geçirilipdir.

XS
SM
MD
LG