Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Orsýet kömür bermegini bes etdi


Ukrainanyň energiýa ministri Wolodymyr Demçyşyn, Kiýew, 12-nji mart, 2015
Ukrainanyň energiýa ministri Wolodymyr Demçyşyn, Kiýew, 12-nji mart, 2015

Ukrainanyň energiýa ministri Wolodymyr Demçyşyn Orsýetiň Ukraina kömür satmagyny çäklendirip başlandygyny aýtdy.

Demçyşyn 27-nji noýabrda Kiýewde parlamentde eden çykyşynda bu ýagdaýyň Orsýetiň anneksiýa eden Krym ýarymadasyna Ukrainadan gelýän elektrik energiýasynyň kesilmegine jogap hökmünde Kiýewi jezalandyrmak barada haýbat atmagynyň ertesi ýüze çykandygyny belledi.

Demçyşyn gündogar Ukrainada kömür känlerine gözegçilik edýän orsýetçi separatistleriň hem kömür üpjünçiligini bes edendiklerini aýtdy.

Şeýle-de Demçyşyn Günorta Afrikadan kömür alyp barýan iki gäminiň dekabr aýynda gelmeginden soň Kiýewiň 45-50 günläp energiýa sistemasynyň “durnukly işlemegini” üpjün etmäge ukyply boljakdygyny belledi.

Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak 24-nji noýabrda eden çykyşynda Ukrainanyň Kryma elektrik energiýasyny berýän sistemasyny dikeltmekden ýüz öwürýändigi sebäpli, Orsýetiň Ukraina kömür üpjünçiligini kesip biljekdigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG