Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Kirkukda arap syýasatçysy öldürildi


Janyna kast edilen syýasatçy Mohammed al-Jubouriniý jaýlanyş çäresi, Kirkuk, 2-nji dekabr, 2015

Yragyň Kirkuk şäherinde tanymal arap resmisiniň öldürilendigini 1-nji dekabrda polisiýa aýtdy.

Kirkugyň regional geňeşiniň arap toparynyň ýolbaşçysy Mohammed al-Jubouri şäheriň merkezindäki öýüniň golaýynda awtoulagly barýarka atylyp öldürildi, diýip polisiýa habar berdi.

Jubouriniň aýaly hüjümde ýaralanypdyr. Hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Yragyň ýarym awtonom Kürdüstan regiony Kirkugy 2014-nji ýylyň ortalarynda “Yslam döwleti” toparynyň basyşy astynda federal güýçler şäheri terk edensoň doly öz gözegçiliginiň astyna aldy.

Kürtleriň liderleri türkmenleriň we araplaryň hem dalaş edýän şäherini hiç wagtda elden bermejegini aýdýarlar.

Yrakly araplaryň ýüzlerçe müňüniň “Yslam döwleti” topary tarapyndan eýelenen demirgazyk regionlaryny terk edip, Kirkuga göçüp barmagy şäherdäki etnik dartgynlylygy güýçlendirdi.

XS
SM
MD
LG