Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: ABŞ 'YD-a' garşy guryýer urşuna çekilmeli däl


Obama: "YD-a" garşy guryýer urşy bomaz
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:22 0:00

Obama: ABŞ 'YD-a' garşy guryýer urşuna çekilmeli däl

Amerikan prezidenti Barak Obama Kaliforniýada 14 adamynyň ölümine sebäp bolan hüjümi "terroristik hüjüm" diýip atlandyryp, iki hüjümçi "radikalizmiň garaňky ýoluna düşüpdirler" diýdi.

Ak tamdan telewideniýede eden çykyşynda Obama terrorizm howpy soňky ýyllarda "täze faza" girdi diýip, "Yslam döwleti" atly ekstremistik terrorçy topary ýok etmegi wada etdi. Bu Obamanyň geçen ýedi ýyla golaý wagtyň içinde bu temadan eden üçünji çykyşydyr.

13 minutlyk çykyş bir är-aýalyň Kaliforniýada San-Bernardino şäherinde sosiial hyzmatlar merkezine hüjüm edip, 14 adamy öldürip, 21 adamy ýaralanyndan sanlyja gün soň edildi.

Obama dünýäniň musulman jemagatlaryny radikalizmi we "Yslam döwleti" atly toparyň ideologiýasyny ret edip, terrorizme garşy alnyp barylýan göreşe goşulmaga çagyrdy. Ol şeýle hem Günbatar bilen yslamyň arasynda konfliktiň ýokdugyny nygtady.

“Gury ýer urşy”

Amerikan prezidenti Birleşen Ştatlar hüjümden soň "gorkuda ýaşamaly" däl, ýurduň içindäki musulmanlara hüjüm edilmeli däl, şeýle hem immigrasiýa dini çäklendirmeler girizilmeli däl diýdi.

Barak Obama şeýle-de Birleşen Ştatlardaky ýarag edinmäge rugsat berýän kanunlara çäklendirilme girizmäge çagyrdy. Ol terroristik sanawdaky adamlaryň atylýan ýaraglary satyn almagyna ýol berilmeli däl diýdi.

Obama Günbataryň Yrakda we Siriýada "Yslam döwleti" atly toparyň jeňçilerine howa zarbalaryny urmak boýunça häzirki strategiýasy durnukly ýeňiş gazandyrar diýdi. Ol şol bir wagtyň özünde-de Birleşen Ştatlar bu ýurtlaryň hiç birinde "uzak, harajatly gury ýer urşuna" çekilmeli däl diýip, hüşgärlige çagyrdy.

“Bize bir täze prezident gerek"

Amerikan prezidentiniň bellemegine görä, Birleşen Ştatlar "Yslam döwleti" toparynyň maliýe çeşmesini kesmek ugrundaky tagallalarda tutuş dünýädaki ýaranlary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär.

2016-njy ýylda geçjek prezidentlik saýlawlarynda öz partiýalary tarapyndan kandidat bellenmek ugrunda özara bäsleşýän respublikanlaryň käbiri Obamanyň çykyşyna tankydy reaksiýa bildirdiler.

Bularyň arasynda häzir birinji orunda duran milliarder Donald Trump Twitterde: "Hemmesi şumy, bize bir täze prezident gerek" diýip ýazdy.

Floridanyň senatory Marko Rubio hem Obama musulmanlaryň ala tutulmagy barada amerikanlary tankytlamaly däldi diýdi. Ol "Fox News" telekanalynda: "Meniň pikirimçe, prezident bu gije ýagdaýy diňe gowulandyrmazlyk bilen çäklenmedi. Nebsimiz agyrsa-da, köp amerikanlaryň nazarynda onuň ýagdaýy ýaramazlaşdyran bolmagy mümkin" diýdi.

XS
SM
MD
LG