Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Bitaraplyk konferensiýasy geçirildi


Bitaraplygyň 20 ýyllygy toýlanýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:51 0:00

Bitaraplygyň 20 ýyllygy toýlanýar

Türkmen paýtagtynda «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş ugrundaky halkara hyzmatdaşlygy» diýen at bilen, dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň, halkara guramalarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň we Aşgabatdaky diplomatiki missiýalaryň ýolbşçylarynyň gatnaşmagynda halkara konferensiýa geçirildi.

Bu konferensiýa Türkmenistanyň bitaraplyk durumynyň 20 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp geçirildi we onda prezident G.Berdimuhamedow türkmen bitaraplygynyň many-mazmuny we sebitiň parahatçylygynda oýnaýan roly barada söz sözledi.

Soňra Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramyna gatnaşýan halkara wekillerine, daşary ýurt liderlerine söz berildi.

Ilkinji söz BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Jefriý Feltmana berildi. Soňra Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon, Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani, Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew, Gürjüstanyň prezidenti Giorgiý Margwelaşwili, Horwatiýanyň prezidenti Kolinde Grabar-Kitarowiç, Moldowanyň prezidenti Nikolaý Timofti, Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif: Hindistanyň wise-prezidenti Muhammad Hamid Ansari, Hytaý Halk respublikasynyň başlygynyň orunbasary Li Ýuançao, Eýranyň wise-prezidenti Eshag Jahangiri, Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň federasiýa geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko we beýlekiler 12-nji dekabrda Aşgabadyň Kongresler merkezinde geçirilen konferensiýada gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Türkmen paýtagtynda Bitaraplygyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp daäary ýurtly we ýerli aýdymçylaryň gatnaşmagynda guralan konsertler, baýramçylyk çäreleri dowam edýär.

Türkmen mediasy BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-munuň hem türkmen halkyna iberen bitaraplyk gutlagyny çap etdi.

XS
SM
MD
LG