Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Moskwa sapar edýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (s) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (ç), Moskwa, 15-nji dekabr, 2015
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (s) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (ç), Moskwa, 15-nji dekabr, 2015

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň Moskwada geçirip başlan duşuşyklarynda Siriýada graždan urşunyň soňuna çykmak boýunça syýasy tagallalar we gündogar Ukrainada parahatçylyk ugrundaky ylalaşygy berjaý etmek bilen bagly meseleleriň gozgalmagyna garaşylýar.

Kerri 15-nji dekabrda irden Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşdi. Ol günüň dowamynda prezident Wladimir Putin bilen hem duşuşar.

Kerriniň Orsýete edýän bu sapary dünýäniň täsirli ýurtlarynyň Siriýa boýunça gepleşikleriniň üçünji tapgyrynyň öňüsyrasyna gabat gelýär. Gepleşikler 18-nji dekabrda Nýu Ýorkda geçiriler.

Orsýetiň daşary işler ministrliginiň 14-nji dekabrda çap eden beýannamasynda Kerri we Lawrow saparyň öňünde geçiren özara telefon söhbetdeşliginde taraplaryň käbir zerur şertler barada pikir alyşmagy zerurdygyny belläpdir.

XS
SM
MD
LG