Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin: Zerur bolsa, güýjümiz kän


Prezident Wladimir Putin
Prezident Wladimir Putin

Prezident Putin Orsýetiň ýaragly güýçleri Siriýada özüniň ähli harby kuwwatyny ulanmady diýdi we, eger zerur bolsa, «has kän harby güýç» ulanyp biljegini aýtdy.

Rus prezidenti bu sözleri 19-njy dekabrda, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Siriýada bäşinji ýylyna girýän raýat urşuny soňlamak boýunça parahatçylyk planynyň rezolýusiýasyny biragyzdan tassyklanyndan bir gün soň aýtdy.

"Biz öz pilotlarymyzyň we aňtaw agentlerimiziň dürli görnüşdäki güýçleri – goşuny, harby-deňiz we harby-howa güýçlerini nähili netijeli utgaşdyryp bilýändigini, olaryň iň häzirki zaman ýaraglaryny nähili ulanýandygyny görýäris» diýip, Putiniň aýdan sözleri rus metbugatynda sitirlendi.

«Bular biziň kuwwat-başarnygymyzyň hemmesi diýerden has bärde, biziň has kän harby başarnygymyz bar we, eger gerek bolsa, biz olary ulanarys» diýip, Putin sözüniň üstüni ýetirdi.

BMG-niň Siriýadaky raýat urşuny soňlap, syýasy geçişi üpjün etmek baradaky rezolýusiýasy Birleşen Ştatalar we Orsýet tarapyndan taslanyp, Nýu-Ýorkda 18-nji dekabrda kabul edildi.

Parahatçylyk plany Siriýanyň hökümeti bilen oppozisiýanyň arasynda ýanwaryň başyndan gepleşiklere başlanmagyna, alty aý içinde geçiş hökümetiniň gurulmagyna, 18 aý möhletde bolsa, BMG-niň gözegçiligi astynda saýlaw geçirilmegine çagyrýar.

Şeýle-de bu plan atyşygyň bes edilmegine çagyrýar. Emma ýaragly fraksiýalar barada ylalaşyksyzlyk bar, ýagny «Yslam döwleti» toparyndan we «Al-kaýda» bilen iltewli «Nusra frontdan» başga haýsy toparlaryň «terrorçy» hasaplanylmalydygy we soňy bilen islendik görnüşdäki gepleşikden hem ýaraşykdan çykarylmalydygy aýdyň däl.

Orsýet sentýabrda Siriýadaky ýaragly toparlaryň garşysyny howa zarbasyny urmaga başlady we «Yslam döwleti» toparynyň we beýleki «terroristleriň» nyşana alynýandygyny aýtdy.

Emma ABŞ we NATO ol howa zarbalarynda günbataryň goldawy astynda Damask režimine we YD jeňçilerine garşy söweşýän gozgalaňçylaryň nyşana alynýandygyny aýtdy.

BMG-niň rezolýusiýasynda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň geljekki ykbaly barada zat aýdylmaýar.

ABŞ we onuň ýaranlary Assadyň iş başyndan çekilmegine çagyrdylar, emma Orsýet, Siriýanyň prezidentiniň baş ýarany, onuň işden çekilmeginiň parahatçylyk gepleşikleriniň şerti edilip goýulmaly däldigini aýdyp, öz diýenine tutýar

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG