Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Bir adam öldi, birnäçesi ýaralandy


Las Wegasda wakanyň bolan ýeri.

Birleşen Ştatlaryň Las Wegas sebitinde zenan sürüjiniň, göräýmäge, öz ulagyny bilkastlaýyn pyýadalaryň üstüne sürmegi netijesinde azynda bir adam öldi.

Polisiýanyň berýän maglumatynda awtoulag sürüjisiniň öz ulagyny pyýadalaryň üstüne tarap sürendigi we 37 adamyň keselhana ýerleşdirilendigi bellenilýär.

Bu wakanyň netijesinde bir adam öldürildi we alty adamyň saglyk ýagdaýy agyr. Şeýle-de, başga-da 26 adam ýaralandy we dört sanysy saglyk bejergisini alandan soň goýberildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG