Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani: Diniň abraýyny galdyrmaly


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, Tähran, 21-nji dekabr, 2015
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, Tähran, 21-nji dekabr, 2015

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani musulmanlaryň “Yslam döwleti” ýaly ekstremist toparlar tarapyndan zeper ýetirilen diniň abraýyny galdyrmaga çagyrdy.

Rohani 27-nji dekabrda Tähranda geçirilen yslam konferensiýasynda “biziň şu günki iň uly maksadymyz yslama dünýädäki garaýyşlary düzetmekden ybaratdyr”, diýip belledi.

Şeýle-de ol musulman ýurtlaryny Siriýada, Yrakda we Ýemende “ähli gandöküşlik barada dymmak” üçin tankytlady.

Eýran Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady, Ýemeniň uly bölegine gözegçilik edýän Huthi hereketini we Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky harby koalisiýa garşy söweşi goldaýar.

Rohani Saud Arabystanyny Huthi gozgalaňçylaryny bombalamak we Siriýanyň prezidentine ygrarly oppozision toparlara garşy söweşýän güýçleri goldamak bilen garyplygy we terrorçylygy tutaşdyrýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG