Fransiýaly meşhur aktýor Žerar Depardieu “Staliniň diwany” atly kinofilmde Staliniň roluny öýnar. Bu film fransiýaly ýazyjy Jean-Daniel Baltassatyň 2013-nji ýylda çap eden eseriniň esasynda dörediler.
Film Sowet Soýuzynyň 1950-nji ýyllary we Staliniň heýkeliniň döredilmegi tabşyrylyp, KGB-niň gözegçiligine düşen ýaş hudožnik barada gürrüň berýär.
Fransiýaly-portugaliýaly kompaniýa tarapyndan dörediljek kartina fransiýaly aktýor Fanni Ardan režissýor bolar. Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki Mosfilm kinostudiýasy kostýumlar bilen üpjün eder.
67 ýaşly Depardieu 2013-nji ýylda Orsýetiň prezidentiniň permanyna laýyklykda,orsýet raýatlygyna eýe boldy we Fransiýanyň uly möçberli salgytlaryny ýazgaryp, ýurduň daşynda ýaşamagy saýlandy.