Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa 'bomba synady'


Demirgazyk Koreýanyň "Ýongbyon" ýadro zawody
Demirgazyk Koreýanyň "Ýongbyon" ýadro zawody

6-njy ýanwarda ýadro synagynyň golaýy diýip bilinýän ýerlerde birnäçe döwlet aram ýer titremesini bellige alanyndan soň, Demirgazyk Koreýa çaklaňja wodorod bombasynyň ilkinji synagyny amala aşyrandygyny we bu synagyň şowly bolandygyny yglan etdi.

Eger-de tassyk bolsa, bu Demirgazyk Koreýanyň Birleşen Milletler Guramasynyň sanksiýasyny bozup geçiren dördünji ýadro synagy hem-de ýadro ýaragyny edinmek ugrunda äden uly ädimi bolar.

Phenýanyň bu habary onuň ýadro synaglaryny geçirýän ýeri bolan Punggye-riniň golaýynda 5.1 magnitýudly ýer titremesi bellige alnandan soň ýaýrady we bu ýagdaý synagyň hakykatdanam geçirilendiginiň bir görkezijisi bolup biler.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi, Günorta Koreýa we Ýaponiýa 6-njy ýanwarda bu synag babatda degişli çäre görmek üçin adatdan daşary duşuşyga çagyrdy.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe bu synagyň gençirilmegini «berk ýazgardy» we ony «biziň ýurdumyzyň howpsuzlygyna wehim hem-de düýpden kabul ederliksiz» diýip atlandyrdy.

Ýaponiýa bilen Günorta Koreýa BMG-niň çäginde işläp, Demirgazyk Koreýa temmi berilmegini gazanmagy wada berse, Ak tam özüniň Demirgazyk Koreýanyň «prowokasiýalaryna» garşy «degerli» çäre görjegini aýtdy.

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi özüniň howpsuzlyk ýagdaýyny berkidýändigini we Demirgazyk Koreýa gözegçilik edýändigini aýtdy.

Ýadro ýaraglarynyň synagyny hemmetaraplaýyn gadagan etmek guramasynyň başlygy Lassina Zerbo bu synagy «halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna abanan çynlakaý howp» diýip atlandyrdy.

Waşingtonda, Ak tamyň Milli howpsuzlyk sözçüsi Ned Praýs şeýle diýdi: "Bu aýdylýanlary edil şu wagt tassyklap bilmeýän-de bolsak, biz BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň rezolýusiýalarynyň islendik bozulmasyny ýazgarýarys."
"Biz Demirgazyk Koreýany ýadro ýaragly döwlet hökmünde kabul etmeris» diýip, onuň beýanatynda aýdylýar.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi Hytaýyň Demirgazyk Koreýanyň geçiren synagyndan öňünden habarly bolmandygyny aýtdy we Pekiniň Phenýanyň bu hereketine berk garşydygyny bildirdi.

Demirgazyk Koreýanyň esasy ýarany bolan ýurduň ministrliginiň sözçüsi Hua Chunying Hytaýyň Koreýa ýarymadasyny merkezsizleşdirmek ugrunda halkara jemgyýetçiligi bilen işleşjekdigini aýtdy.

Fransiýa geçirilendigi aýdylýan synagy BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň rezolýusiýalarynyň "kubul edip bolmajak bozulmagy» hökmünde ýazgardy we «halkara jemgyýetçiliginiň bu ýagdaýa berk reaksiýa bildirmegine» çagyrdy.

Uzak wagt bäri raketa bilen Birleşen Ştatlaryň topragyna ýadro ýaragyny ýetirmek ukybyna eýe bolmaga dyrjaşýan Demirgazyk Koreýa, ABŞ öz «agressiýa pozisiýasyny» saklap galsa, özüniň ýadro programmasyndan el çekmejegini aýdýar.

Bu režim özüniň jogapkär ýadro döwleti hökmünde hereket etjekdigini we özygtyýarlylygy bozulmasa, ol ýaragy ulanmajakdygyny, şeýle-de öz ýadro ýaraglaryny başga ýurda geçirmejegini aýdýar.

Bu synag habary Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Joň-Unuň doglan gününden edil iki gün öň ýaýrady.

Kim geçen aý Phenýanyň eýýäm wodorod ýa-da termoýadro bombasyny döredendigini ýaňzytdy we bu sözler şol wagt ekspertler tarapyndan ynamsyz garşylandy.

Ekspertleriň käbiri şindi hem, Demirgazyk Koreýanyň geçiridim diýýän synagyndan soňky ýer sarsgynynyň ýeterlik derejede güýçli bolmandygyny aýdyp, Phenýanyň aýdýanlaryna şübheli seredýär.

AFP habar gullugy ýadro syýasaty we ýarag gözegçiligi hünärmeni Crispin Rovere salgylanyp, 5.1 magnitýudly ýer titremesiniň Phenýanyň aýdýan zatlaryny tassyklardan has gowşakdygyny aýtdy.

Demirgazyk Koreýa mundan ozal 2006, 2009 we 2013-nji ýyllarda üç sany ýadro synagyny geçirdi we bu ýagdaýlar BMG-niň Phenýana garşy sanksiýalar tapgyryny girizmegine sebäp boldy.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG