Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putiniň tankytçysy “öli tapyldy”


Orsýetli tanymal syýasy analitik we žurnalist Wladimir Pribylowskiýniň 59 ýaşynda öli tapylandygy habar berilýär.

Pribylowskiýniň kärdeşi, taryhçy Ýuriý Felştinskiýniň 13-nji ýanwarda Facebook we “Live Journal” sosial ulgamlarynda ýazan maglumatyna görä, ol Moskwadaky kwartirasynda öli tapylypdyr. Felştinskiý “bu barada goşmaça maglumatynyň ýokdugyny” hem sözüniň üstüne goşdy.

Orsýetiň resmileri Pribylowskiýniň ölümi bilen baglanyşykly çykan habarlar barada maglumat bermediler.

2007-nji ýylda Orsýetiň polisiýasy Pribylowskiýniň öýünde gözleg işlerini geçirip, onuň kompýuterini we elektronik maglumatlaryny konfiskasiýa edipdi.

2010-njy ýylda Pribylowskiý “Putin gitmeli” atly oppozision petisiýa hem gol goýupdy.

XS
SM
MD
LG