Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Gazprom’ näme sebäpden türkmen gazyndan ýüz öwürdi?


‘Gazprom’
‘Gazprom’

Geçen hepdäniň ahyrynda Russiýanyň “Gazprom” kärhanasynyň türkmen gazyny satyn almagyny diňe bir bes etmän, eýse “Türkmengaz” bilen aradaky şertnamany hem ýatyrandygy hakdaky maglumatlar peýda boldy.

Türkmenistanyň Nebit-gaz kompleksiniň resmi websaýtynda 15-nji ýanwarda çap bolan maglumatda: “Türkmengaz” döwlet konserni “Gazprom eksport” kärhanasynyň 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan söwda-satyk şertnamasyny möhletinden ir birtaraplaýyn duruzýanlygy barada “Türkmengazy” resmi suratda habarly etdi” diýilýär.

Eýse, energiýa resurslarynyň dünýä bazaryndaky bahalarynyň peselmeginiň fonundaky bu ýagdaýlar Türkmenistanyň ykdysadyýetine nähili täsir ýetirip biler? Bu soraga Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Brýus Panniýer jogap bermäge synanyşýar.

Azatlyk Radiosy: Brýus, geçen hepde “Gazprom” türkmen gazyndan ýüz öwürýändigini resmi suratda mälim etdi. Bu ädime nähili düşünmeli? Munuň nähili sebäpleri bolup biler?

B.Panniýer: “Gazprom”, elbetde, munuň diňe bir ykdysady bähbitler nukdaýnazaryndan kabul edilen bir karardygyny aýdar. Ol “meniň özümiň ýeterlik gazym bar”, “gazyň başga çeşmeleri hem ýeterlik” diýen düşündirişleri berer.

Emma, iş ýüzündäki ýagdaýlara nazar aýlasak, onda Kremliň ençeme aýdan bäri Türkmenistanyň GDA-nyň düzüminde has aktiw işleşmegini gazanjak bolup alyp baran tagallalaryny göreris.

Rus resmileri telim gezek Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedindäki dartgynly ýagdaýlary gozgap, özüniň, – diňe bir özüniň hem däl – tutuş GDA guramasynyň [bu serhedi goramakda goldaw] bermäge taýýardygyny nygtady.

Türkmenistan bolsa öz gezeginde, diňe bir rus resmileriniň däl, eýse öz serhedindäki dartgynlylyk barada gürrüň eden islendik tarapyň maglumatlaryny çürt-kesik inkär edip gelýär.

Kreml, Türkmenistanyň rus kömeginden ýüz öwürýändigi sebäpli, türkmen gazynyň importyny hem ýatyrdy.

Azatlyk Radiosy: Anyk sanlar barada gürrüň edäýsek. Russiýa her ýylda Türkmenistandan alýan gazy üçin näçe pul töleýärdi?

B.Panniýer: Bu 1 milliard dollaryň bäri ýanyndaky puldur. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda Russiýa Türkmenistandan 4 milliard m3 gaz satyn almagy ylalaşypdy. Emma bar bolan maglumatlardan çen tutulsa, import edilen türkmen gazynyň möçberi şol derejä hem ýetmändi. Dünýädäki energiýa serişdeleriniň bahalarynyň peselmegini hem göz öňünde tutsak, bu görkezijiniň 700 million töweregi dollara deň bolandygyny aýdyp bileris.

Eger-de Türkmenistan dürli ugurlar boýunça gazyny akdyrýan bolsa, onda bu onçakly uly mesele hem bolmazdy. Emma bilşimiz ýaly, häzirki wagtda türkmen gazynyň iň uly müşderisi Hytaý bolup galýar.

Her niçik-de bolsa, biz Pekiniň türkmen gazy üçin Aşgabada näçe pul berýändigini bilmeýäris. Sebäbi Türkmenistanyň Hytaýa uly, milliardlarça dollar möçberinde bergisi bar. Häzirki Hytaýa akdyrylýan gaz hem Pekiniň gazgeçirijiniň çekilmegine, gaz ýataklarynyň özleşdirilmegine sarp edilen pulunyň hasabyna gidýär. Netijede Hytaýyň türkmen gazy üçin näçe töleýändigi, asla töläp-tölemeýändigi barada hiç zat aýdyp bolmaýar.

Türkmenistan Eýrana hem belli bir möçberde gaz eksport edýär. Emma onuň möçberi we bahasy barada maglumat berilmese-de, bu söwdadan Türkmenistana gürrüňini ederlik ullakan bir girdeji gelýändir diýip bolmaýar.

Bu ýagdaýda Türkmenistan üçin Russiýadan gelen agzalýan 600 million dollar hem uly pul diýse bolar.. Şol bir wagtda Türkmenistanyň häzir ençeme, şol sanda TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygy, ”Aziýada” oýunlaryna taýýarlyk, Aşgabady abadanlaşdyrmak ýaly uly maliýe çykdajyly proýektleri hem alyp barýandygyny unutmaly däldiris.

Garaz, Russiýanyň türkmen gazynyň importyny duruzmak üçin saýlap alan wagty juda opportunistik boldy.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, bu ykdysady netijeleri bolan bir syýasy ädim bolup çykýar-da?

B.Panniýer: Meniň pikirimçe, bu ädimiň aňyrsynda diňe syýasy sebäpler ýatyr.

Azatlyk Radiosy: Brýus, eger-de seniň aýdyşyň ýaly bu bir syýasy ädim bolsa, mundan beýläk nämelere garaşyp bolar?

B.Panniýer: Bizde – Amerikada – şuňa meňzeş bir oýun hem bar. Iki adam biri-biriniň gözüne seredip, kimiň birinji gözüni gyrpmagyna garaşyp, bäsleşýärler.

Russiýa türkmen ykdysadyýetiniň şeýle bir uly çökgünlige uçrap, munuň netijesinde hem Aşgabat Kremliň öňe sürýän islegine boýun bolar öýdüp umyt edýär.

Aşgabat bolsa öz gezeginde türkmen gazyna başga ugurlardan ýol açylmagyna, netijede [öz gaz eksportynyň] Russiýa bolan garaşlylygynyň peselmegine bil baglaýar.

Garaz, häzir iki tarap hem ýagdaýlaryň mundan beýläk diňe öz haýryna işlemegine bil baglaýar.

XS
SM
MD
LG