Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Uniwersitetde 20 adam öldürildi


Baça Han uniwersiteti
Baça Han uniwersiteti

Pakistanyň polisiýasy ýurduň demirgazyk-günbataryndaky uniwersitete edilen jeňçi hüjüminde azyndan 20 adamyň, şol sanda studentleriň we işgärleriň ödürilendigini, 50-den gowrak adamyň bolsa ýaraly bolandygyny aýtdy.

Goşun Baça Han uniwersitetiniň territoriýasyndaky operasiýanyň 20-nji ýanwarda irden başlanan hüjümden alty sagat soň, dört sany ýaragly adamyň öldürilmegi bilen tamamlanandygyny aýtdy.

Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarifiň operasiýa tamamlanandan soň çap edilen beýanatynda hökümetiň ýurtdaky terrorçylygy köki-damary bilen köwläp aýyrmak kararynda berk durýandygy aýdylýar.

Regional polisiýanyň başlygy Saýid Wazir student pidalaryň köpüsiniň oglanlaryň ýaşaýyş jaýynda atylyp öldürilendiklerini aýtdy. Emma ol ölenleriň sanawyna goşun tarapyndan öldürilendigi aýdylýan dört ýaragly erkegiň girip-girmeýändigini anyklaşdyrmady.

Pidalaryň arasynda azyndan bir mugallym hem bar. Jeňçileriň kimlerdigi bada-bat belli bolmady.

Pakistan «Talybanynyň» «Darra Admhkhel topary» diýip bilinýän bölünen fraksiýasynyň komandiri bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Emma Pakistanyň “Tehrike-Talyban-Pakistan» guramasynyň sözçüsi bu hüjümiň yslama sygmaýandygyny aýdyp, ony ýazgardy.

Irden başlanan hüjüm wagtynda ýygjam atyşyk, partlama sesleri eşidildi. Jeňçiler kompýuter ylymlary we dolandyryş bilimleri fakultetleriniň studentlerini we mugallymlaryny oka tutdylar.

“Adatça polisiýa irden howpsuzlyk üçin maşynly gelýärdi we esasy derwezäniň agzynda durýardy. Emma men olary bu gün görmedim» diýip, kömekçi professor Abbas Ali Maşal radiosyna aýtdy. «Belki, polisiýa gijräk gelmeli bolandyr.»

Jeňçi hüjüminden aman galan student Aizaz Han «Roýters» habar gullugyna howpsuzlyk güýçleriniň, şeýle-de Pakistanyň goşun esgerleriniň ullakan edermenlik görkezendiklerini gürrüň berdi.

Pakistan «Talybanynyň» bölünen toparynyň komandiri Umar Mansur bu hüjüm Pakistanyň tire sebitlerinde jeňçilere garşy edilen harby hüjüme berlen jogap diýdi. Ol bu hüjüme toparyň dört sany janyndan geçen bombaçysynyň gatnaşandygyny hem sözüne goşdy.

Emma muňa garamazdan, Pakistan «Talybanynyň» sözçüsi Muhammad Horasani Maşal radiosyna iberen imelinde, elektoron hatynda bu hüjümi ýazgardy. Ol öz toparynyň graždan mekdeplerini nyşana almaýandygyny aýtdy.
"Pakistanyň Talyban hereketi şu günki hüjümi berk ýazgarýar we özüni bu hili yslama sygmaýan hüjümden gyra çekýär» diýip, Horasani twitterde hem aýtdy.

Mansur 2014-nji ýylda Peşawarda pakistan harbylarynyň çagalarynyň okaýan mekdebine edilen hüjümi gurnan adamdyr, bu hüjümde 144 sany student we magaryf işgäri öldürilipdi.

Baça Han uniwersiteti 2012-nji ýylda döredildi we oňa Baça Han diýip tanalýan Han Abdul Gaffar Hanyň, zorluksyz Puştun hereketiniň lideriniň ady dakyldy.

Bu hüjüm onuň aradan çykmagynyň 28-nji ýyl dönüminde boldy.

Han 1930-njy ýyllarda «Hudaýyň hyzmatkärleri» atly hereket döredip, durgunlykdaky puştun jemgyýetçiligini özgertmek we hak-hukuk ugrunda britan imperiýasyna garşy göreş boýunça parahatçylykly wagyz-nesihat işlerine başlady.

Uniwersitetiň mugallymy Fazli Rahim Marwat Azatlyk radiosynyň Pakistan gullugyna bu okuw jaýyna 3 müň çemesi studentiň girendigini, onda 600 çemesi magaryfçynyň işleýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG