Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Hazaryň durumy geňeşiler


Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleri derejesindäki maslahatyna gatnaşyjylar, Moskwa, 22-nji aprel, 2014.
Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleri derejesindäki maslahatyna gatnaşyjylar, Moskwa, 22-nji aprel, 2014.

27-29-nji ýanwarda Aşgabatda Kaspi deňziniň hukuk durumy babatdaky konwensiýany işläp düzmek boýunça ýörite iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär.

Türkmen metbugaty prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu mejlisiň öňünden, wise-permýer we daşary işler ministri Reşit Meredowyň baştutanlygynda, Türkmenistanyň Hazar meselesi boýunça pudagara komissiýasynyň düzümini tassyklandygyny habar berdi.

RIA Nowosti golaýda, Orsýetiň DIM-ine salgylanyp, daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň 27-28-nji ýanwarda, ikitaraplaýyn gatnaşyklar, halkara hyzmatdaşlygy we Owganystandaky ýagdaý barada maslahatlaşmak üçin, Türkmenistana sapar etjegini aýdypdy.

APA habar gullugy bolsa, Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafowa salgylanyp, hazar deňziniň durumyny kesgitlemek baradaky iş toparynyň maslahatynyň 27-28-nji ýanwarda geçiriljekdigini habar berdi.

Halafowyň sözlerine görä, hazarýaka ýurtlarynyň wekilleriniň ählisi maslahata geljekdigini tassyklapdyr.

Şeýle-de ol bu duşuşykda Hazar boýunça ozal ylalaşylmadyk meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljagyny aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG