Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen sözlükleriniň tanyşdyrylyşy boldy


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň maslahat zalynda «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň» we «Türkmen diliniň orfografik sözlüginiň» tanyşdyryş dabarasy boldy diýip, türkmen telewideniýesi 30-njy ýanwarda habar berdi.

Türkmen TW-si anna güni geçirilen hökümet maslahaty baradaky habarynda bu sözlükleriň işlenip taýýarlanandygyny aýdylypdy, prezident Berdimuhamedow bolsa olaryň garaşsyzlyk ýyllarynda çapa taýýarlanan ilkinji sözlkleridini belläpdi.

Şol bir wagtda, sözlükleriň tanyşdyrylyşyny geçirmek tabşyrylanam bolsa, olaryň eýýäm neşir edilendigi agzalmandy.

Täze sözlükleriň birinjisine 50 müňe golaý sözüň we aňlatmanyň, ikinjisine 110 müň töweregi sözüň girizilendigi habar berilýär.

Täze sözlükler dilçi alymlaryň ýörite düzülen işçi topary tarapyndan çapa taýýarlanylypdyr, ýöne türkmen metbugatynda täze sözlükleriň awtorlarynyň atlary, näçe nusgada çap edilendigi aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG