Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Egeý deňzine gözegçilik eder


Egeý deňzinde migrantlary daşaýan gämi suwa gark boldy, sentýabr, 2015
Egeý deňzinde migrantlary daşaýan gämi suwa gark boldy, sentýabr, 2015

NATO Egeý deňzine gözegçilik etmek we migrantlary daşaýan adam gaçakçylarynyň öňüni almak barada ylalaşdylar.

Bileleşigiň baş sekretary Jens Stoltenberg şeýle beýannama bilen 11-nji fewralda ministrler derejesinde Brusselde geçirilen duşuşykda Germaniýanyň, Gresiýanyň we Türkiýäniň öňe süren talabyndan soň aýtdy.

Stoltenberg NATO-nyň güýçleriniň Türkiýäniň we Gresiýanyň arasyndaky suw giňişliklerinde “gaýra goýulmazdan” ýerleşdirilendigini aýtdy.

BMG-niň Bosgunlar agentligine görä, şu ýylda Egeý deňzi arkaly Gresiýa 75 müň migrant aşypdyr.

XS
SM
MD
LG