Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Aşgabatda suw tölegli edildi”


Suw gaplaryny dolýan oglan.
Suw gaplaryny dolýan oglan.

Aşgabatda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri ilata mugt berilýän suwuň tölegli edilendigi habar berilýär. Paýtagtyň “Aşgabat agyz suwy” edarasynyň işgärleri Parahat-2 etrapçasyndaky ýaşaýyş jaýlaryna aýlanyp, 2015-nji ýylyň 11, 2016-njy ýylyň 12 aýy üçin agyz suwy we kanalizasiýa tölegleriniň tölenmelidigini aýtdylar.

Degişli resmiler bu tölegiň türkmen prezidentiniň 2015-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda gol çeken we şol ýylyň 1-nji fewralyndan güýje giren kararyna laýyklykda alynýandygyny belleýärler.

Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, gürrüňi edilýän sebitde ýaşaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:12 0:00

XS
SM
MD
LG