Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ‘özgerişler göze ilmeýär’


Polisiýa işgärleri bir adamy soraga äkidip barýarlar.
Polisiýa işgärleri bir adamy soraga äkidip barýarlar.

“Türkmenistanda 2015-nji ýylda adam hukuklary meselesinde hiç gili özgeriş göze ilmeýär” diýip, adam hukuklaryna gözegçilik edýän Amnesty International guramasynyň täze hasabatynda bellenilýär.

Amnesty International guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa programmasynyň direktorynyň orunbasary Denis Kriwoşew guramanyň “Adam hukuklarynyň ýagdaýy” atly ýyllyk hasabatynda Türkmenistanyň orny barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Özbegistanda we Türkmenistanda edil öňküsi ýaly rerpessiw režim dowam etdi. Bu ýurtlarda gynamalar we adam hukuklary babatyndaky beýleki elhençlikler dowam etdi”.

Media azatlygy

Düýbi Londonda ýerleşýän guramanyň bellenmegine görä, Türkmenistanda 2013-nji ýylda media işlerini kadalaşdyrýan kanunçylyk kabul edilse-de, iş ýüzünde türkmen häkimiýeti media özüniň sensurazyny ornaşdyrýar we hiç bir garaşsyz metbugat serişdesine ýol berilmeýär.

Amnesty International guramasy türkmen häkimiýetleriniň žurnalistleri sem etmek üçin basyş görkezmek, haýbat atmak ýaly çärelerini dowam etdirendiklerini aýdyp, Azatlyk Radiosynyň tussag edilen habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň ykbalyny hem ýatladyp geçýär.

Penşenbe güni çap bolan hasabatda geçen ýylyň 7-nji iýulynda “bikanaun neşe gaçakçylygy” diýilýän aýyplama bilen tussag edilen Saparmämmediň öz žurnalistlik işi üçin tutulandygyna ynanylýandygyny nygtaýar.

Gurama Azatlyk Radiosynyň žurnalistleriniň heniz hem Türkmenistanda akkreditasiýa edilmändigine; olaryň dowamly basyşlara, gorkuzmalara, hatda tussag etmek haýbatlaryna sezewar edilýändiklerine ünsi çekýär.

Häkimiýetler Aşgabatdaky we onuň töweregindäki jaýlardan satellit antenallaryny aýyrmak boýunça geçiren kampaniýasy bilen, adamlaryň daşary ýurt metbugatyndan garaşsyz we obýektiw maglumat almak mümkinçiligini has-da çäklendirdiler.

Dini azatlyk

Amnesty International guramasy Türkmenistanda dini akymlaryň, şol sanda katolikleriň, protestantlaryň, Ýehowa şaýatlarynyň hökümetiň berk gözegçiliginde saklanýandygyny belleýär.

Gynamalar

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän gurama ýurtda howpsuzlyk güýçleriniň adamlara, hamana öz eden jenaýatlaryny “boýun aldyrmak” üçin heniz hem gynamalara sezewar edýändiklerini, tussaglara berk daraýandyklaryny aýdýar.

2002-nji ýylda ozalky prezident Saparmyrat Nyýzowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän wakalar bilen tutulyp, türkmen türkmelerinde dereksiz ýitenleriň ykbaly barada heniz hem hiç hili maglumat berilmeýär.

Geçen ýylyň iýunynda ÝB-Türkmenistan Adam hukuklary boýunça dialog gepleşikleriniň çäginde hem bu mesele gozgalanda, türkmen resmileri oňa hiç hili jogap bermediler.

Hereket azatlygy

Ýurtdaky çykmak üçin çykyş wizasyny almak düzgüni 2006-njy ýylda ýatyrylan hem bolsa, türkmenistanlylar daşary ýurtlara çykjak bolanlarynda çäklendirmeler henize çenli hem saklanyp galýar.

Amnesty International guramasynyň nygtaýşyna görä, adamlar daşary ýurda gitmek üçin aeroporta baranlarynda, diňe şonda özleriniň ýurtdan goýberilmeýänleriň sanawyna goşulandyklaryny bilip galýarlar.

Mejbury jaý ýykyşylyklar

Aşgabatda we onuň töwereginde ýumrulan jaýlar sebäpli müňlerçe adamlar öýsüz galdylar. Amnesty International diňe Çoganlyda adamlaryň başyna salnan ýykan-ýumranlykda 50 müň töweregi adamynyň mejbury ýagdaýda jaýlaryny terk etmeli bolandygyny habar berýär.

Öýsüz galan türkmensitanlylar bilen mümkin bolan alternatiwalar, ýagny çykalgalar barada hiç hili konsultasiýalar geçirilmedi; olara ýykylan tamlarynyň öwezine hem pul ýa jaý berilmedi diýip, 24-nji fewralda çap bolan hasabatda nygtalýar.

XS
SM
MD
LG