Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan armiýasy söweşijiler bilen çaknyşdy


Pakistanyň harbylary

Pakistanyň armiýasy ýurduň tire-taýpalar sebitindäki söweşijilere garşy harby operasiýany başlatdy.


Demirgazyk Waziristan sebitinde geçirilen operasiýada azyndan 34 söweşiji öldürildi. Çaknyşyklarda Pakistanyň hem dört esgeri heläk boldy.


Gürrüňi gidýän sebitde “Tehreek-i-Taliban Pakistan” hereketi berk ornaşandyr. Bu ýerdäki söweşijilere garşy harby operasiýa 2014-nji ýylyň iýunynda başlandy. Harbylar 3,500-den hem aşa söweşijileriň öldürilendigini aýdýarlar.


Çaknyşyklaryň gidýän ýerine žurnalistleriň baryp bilmeýändigi sebäpli, armiýanyň berýän sanlaryny beýleki çeşmeler arkaly barlamak kyn.

XS
SM
MD
LG