Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parižde Minsk ylalaşygy maslahatlaşylýar


Orsýetiň, Ukrainanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň daşary işler ministrleri 3-nji martda Parižde duşuşyp, 2015-nji ýylyň fewral aýynda Minskde baglaşylan ylalaşyga laýyklykda Ukrainada parahatçylygy gazanmak barada gelnen planlaryň ýerine ýetirilişini maslahat edýärler.

Belarusyň paýtagtynda agzalýan dört ýurduň liderleriniň gatnaşmagynda gelnen iki ylalaşygyň ikinjisi, gündogar Ukrainada hökümet güýçleri bilen Orsýete tarapdar separatistleriň arasyndaky urşuň soňuna ýetmegi maksat edýän çäreleriň bir toparyny öz içine alýar.

Kiýew Moskwanyň gündogardaky Orsýete tarapdar separatistleri goldap, olara ýarag we harby güýç ugratmak arkaly Minsk ylalaşygyny bozýandygyny öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG