Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýat illeriň asmany


Daň säher.
Daň säher.

Öz ilinden, dogan-garyndaşyndan alysda ýören mysapyra näme ýakyn?

Ýatlar

Ýat ilde gündizler özgäniňki, abadançylyk, arassa köçeler, belent ymaratlar, rahatlyk, haryt doly dükanlar, ekinler, tertipli bag-bakjalar ýatlaryňky.

Zähmetiň siňmedik bol-elinlik seni şatlandyryp bilmeýär. Sen olaryň eýesini tanamaýşyň ýaly, töwerekdäkiler hem seni tananoklar. Beýle durmuşa olaryň nädip ýeteninden habaryň ýok. Töweregiň kesekiden doly.

Şol salgymda iş-alada bilen güni batyrýarsyň. Garaňky düşýär. Bagtyňa asman açyk bolsa, depäňe bir seret.

Eý, aman! Ýat ildäki ynsanyň depesinde her gije öz asmany peýda bolýar. Kalbyňda bolsa ýurduň hakdaky gussa möwç alýar.

Çöl we asman.
Çöl we asman.

Ony synla! Ol nähili mähriban. Ümbilmez gara tümlük, gujagy müňlerçe syrlardan, millionlarça täsinlikden doly asman şol öňküsi, seniň oglan wagtyňda görşüň ýalydyr.

Gezen ýerleriňde, gören köp ýurtlaryňda mydama şol mähriban gümmez depäňi örtýär. Geň zat, onuň bar ýerde durky bir, şekili-de bir. Ýat adam üçin töwerek-daş düýş ýaly bolsa-da, asman hakykylygyna galýar.

Muny bir synla, düýşüňde görmegi höwes etjek gözelligiň depäňden saňa seredip dur. Sen ondan habarsyz, ol bolsa mydama depäňde.

Bu nireden gelipdir? Öz obaňdanmy, mähriban topragyňdanmy? Ol edil çagalykda görşüň ýaly. Ol garramandyr, özgermändir. Ýöne ýyldyzlar birneme gyşygrak hem keseräkde görünýär.

Süýnýän ýyldyz

Ejemiziň ýanynda doganjyklarym bilen ýyldyzly asmana syn ederdik. Şonda bir ýyldyz süýnüp giderdi. Ejemiz bolsa muny şeýle düşündirerdi.

– Her adamyň asmanda bir ýyldyzy bolarmyş. Adam dünýäden ötende, onuň ýyldyzy süýnermiş.

Bu düşündiriş bizi haýran galdyrýardy, ýöne dürli sowallar döredýärdi.

– Onda näme üçin, hiç wagt süýnmeýän ýyldyzlar bar? Anha, Ýedigen, Demirgazyk ýyldyzy, olar mydama durlar. Kitaplarda-da şeýle ýazylypdyr. Olar häzirem bar.

Ejem bize ýüzugra jogap berýärdi.

– Olar pygamberleriň ýyldyzy. Olar kitap galdyran adamlara degişli. Magtymguly bar, Nowaýy bar, olar hiç wagt ölen hasaplanmaýar. Olar mydama biziň depämizde durýar. Olar süýnse bolmaz, balam.

Ejemiň berk ynanjy bizi oýa batyrýardy. Ýyldyzlaryň mysalynda adamlaryň dürli bolup bilşine, olaryň süýnýän hem hiç wagt süýnmeýän ýyldyzlara bölünişine haýran galýardyk.

Gözellik dünýäsi

Ýyldyzlar ýere seredýärdi. Çagalykda biziň depämizdäki asman örän açykdy hem ak nurdan doludy. On dördi gijede aýyň ýagtysyna gazet okamaga synanyşýardyk.

Arkan ýatyp, Ýedigeniň ýedi göçüp, ýedi gonuşy baradaky sanawajy dem alman sanaýardyk. Asman biziň oglanlyk höwesimizi, bar bilesigeljiligimizi özüne çekýän bir gözellik hem täsinlik dünýäsidi. Göwnüňe bolmasa, indi onuň şöhlesi birneme solguşan ýaly görünýär. Şeýle-de bolsa, täsin!

Adam hyýalynyň çäksiz giň hem dowamly bolmagyna asman sebäp bolupdyr diýen çaklama bar. Ynsan gözelligi ilki depesinde görýär we soň ony ýerde döretmäge çalyşýar.

Ol ýeriň üstünde her näçe gözellik döretse-de, ýene asmana maýyl bolýar. Ynsan ömri ötýänçä oňa bakyp, ahyrynda ondan doýman geçýar. Sebäbi oňa akyl ýetiribem, göz ýetiribem bolmaýar.

Terezi

Asmanda Terezi atly üç ýyldyz aýratyn saýlanyp dur. Ol gaty çalt gözüňe ilýär. Megerem, Terezi örän möhüm, aýratyn çuň mana eýe ýyldyz bolsa gerek. Belki-de, ol kyýamat terezisidir.

Ony synlanyňda, iň möhüm duýgulary; ömrüň ýagşylygyny hem ýalňyşlaryny ýada salýarsyň. Ynjadan adamlaryň, söz berip bitirmedik wadalaryň ýadyňa düşýär. Gadyryny bilmedik dostlaryň, didarlaşara wagt tapmaýan doganyň ýadyňa dňşýär.

Asman seniň şindi diridigiňi hem adamdygyňy ýatladyp dur.

Hol giçlik, ýat şäheri, ýat köçeleri, ýat baglary, ýat topragy garaňkylyk örtende, depäňe bir seredip gör.

Bir ýerlerde bu ýyldyzlar seniň doganyň depesinde ýaldyraýandyr. Belki-de, doganyň olara bakyp, seni ýatlaýandyr.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG