Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we G.Koreýa harby türgenleşige başlady, Phenýan haýbat atýar


7-nji martda Birleşen Ştatlar we Günorta Koreýa bilelikde giň gerimdäki harby türgenleşik çärelerine başladylar.

Her ýyl geçirilýän bu harby türgenleşiklere Günorta Koreýanyň 300 müň we Amerikanyň 15 müň çemesi goşuny gatnaşýar. Bu harby türgenleşikler aprel aýynyň ahyryna çenli dowam edýär.

Seul bu harby türgenleşikler Birleşen Ştatlaryň we Günorta Koreýanyň bilelikde geçirýän iň uly harby çäresidir diýdi. Bu çäre Phenýanyň ýanwar aýynda ýadro ýaragyny synagdan geçiren mahalyna gabat geldi. Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaragyny synagdan geçirmegi Birleşen Milletler Guramasynyň Phenýana garşy täze sanksiýalary girizmegine sebäp boldy.

Phenýan bolsa, eger iki ýaran ýurt özüniň harby türgenleşiklerini dowam etdirse, onda olara garşy “öňüni alyş ýadro hüjümini” etjekdigini aýdyp, haýbat atdy.

XS
SM
MD
LG