Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Harby bazalardan ynsanperwer kömegi ugradyp bolar


Orsýetiň Siriýanyň Latakia sebitindäki howa bazasy.
Orsýetiň Siriýanyň Latakia sebitindäki howa bazasy.

Orsýetiň Goranmak ministrligi özüniň Siriýadaky harby bazalarynyň gapysyny ynsanperwer kömegiň ugradylmagy üçin açmaga taýýardygyny aýtdy.

Ministrligiň metbugat wekili Igor Konaşenkowyň aýtmagyna görä, ynsanperwer kömekler Orsýetiň Siriýanyň “Tartus” portundaky deňiz bazasyna ugradylyp, şol ýerde saklanyp bilner. Şeýle-de, ol ynsanperwer kömegini daşaýan transport uçarlarynyň hem Orsýetiň Siriýanyň Latakia sebitindäki howa bazasyna gonup biljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

7-nji martda Orsýetiň döwlet telewideniýesinde görkezilen maglumatda Konaşenkow Orsýetiň ynsanperwer kömegi howa bazasyndan zerur bolan ýerlere äkitmek üçin ýörite ulaglary bermäge hem taýýardygyny belledi.

2-nji martda ministrlik ynsanperwer kömege mätäçdigine ynanylýan territoriýalaryň sanawyny taýýarlap, Birleşen Milletler Guramasyna ugradypdy.

XS
SM
MD
LG