Aşgabatda 3-nji Saglyk öýi we onuň daşyndaky ýaşaýyş jaýlar ýykylýar.
Andalyp köçesiniň we Graždan köçesiniň çatrygynda ýerleşýän Saglyk öýi Aşgabadyň Hitrowka raýonyna hyzmat edýärdi. Bu ýerden geçýän tuneliň giňeldilmeginiň we täze köpriniň gurluşygynyň binalaryň ýumrulmagyna sebäp bolýandygy aýdylýar.
Bu ýagdaýyň jikme-jiklerini Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berýär.
Teswirleri gör (1)
Has köp teswir ýükle