Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Täze parlament köne hökümeti saýlady


Gazagystanyň täze saýlanan Mejlisiniň birinji maslahaty, 25-nji mart, 2016

Gazagystanyň parlamentiniň aşaky öýüniň kanun çykaryjylary saýlawlardan soň premýer-ministr Karim Masimowyň hökümetini saklamak boýunça ses beridiler.

25-nji martda Mejlisde geçirilen ses berişlik saýlawlaryň yzýanyndaky konstitusional çäredir.

Prezident Nursultan Nazarbaýew hökümetiň düýpli üýtgedilmegine zerurlyk görmeýändigini aýtdy.

20-nji martda geçirilen saýlawlarda Nazarbaýewiň “Nur Otan” partiýasy sesleriň 82.2%-ne eýe boldy we parlamentdäki orunlaryň köpüsini eýeledi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylary Gazagystandaky saýlawlary demokratiýa boýunça halkara standartlaryna golaýlatmak üçin “entek uzak ýoldan ýöremelidigini” aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG