Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Mugt hyzmatlaryň ýatyrylmagy işsiz maşgalalara täsir ýetirer’


Lebap welaýatynyň etraplarynyň birinde eşekli arabada barýan ene we agtyk.
Lebap welaýatynyň etraplarynyň birinde eşekli arabada barýan ene we agtyk.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji aprelde milli ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemini jemläp, bu pudaga degişli ençeme ýolbaşçyny eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow “Garaşsyz döwletimiziň kemala gelip başlan döwürlerinde ilatyň durmuş şertlerini ýeňilleşdirmek maksady bilen girizilen, häzir bolsa özüni ödemeýän köp sanly ýeňillikler hem hereket edýär” diýip, soňra-da “Bu ýeňillikler bazar ykdysadyýetine geçilmegini bökdeýär, býujet çykdajylarynyň artyk harçlanmagyna getirýär” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk Radiosy ýurtda ilata “ýeňillikli” berilýän hyzmatlar we onuň nähili görnüşde berilýändigi barada Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:24 0:00

XS
SM
MD
LG