Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk prezidenti nemes wäşä garşy arza berdi


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan.

Germaniýanyň prokurorlary Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdoganyň nemes milli telekanalynda özi barada satiriki goşgy okan wäşä garşy arza berendigini habar berýärler.

Germaniýanyň günbataryndaky Mainz şäheriniň prokurorlarynyň 11-nji aprelde ýaýradan beýanatynda Erdoganyň wäşi Ýan Boehmermana (Jan Boehmermann) garşy şikaýat arzasyny berendigi aýdylýar.

Boehmerman telewideniýede türk lideriniň “professional akmakdygyny” ýaňsylap, onuň haýwanlar bilen jynsy hereketleri ýerine ýetirendigini öňe sürýär.

31-nji martda Germaniýanyň “ZDF” telekanalynda görkezilen gepleşik Berlin bilen Ankaranyň arasynda diplomatik tersleşigiň döremegine sebäp boldy.

Türkiýäniň hökümeti telewideniýede okalan goşgynyň kabul ederlikli däldigini aýdyp, wäşi Boehmermanyň ýurduň baştutanyny kemsitmekde jezalandyrylmalydygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG