Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-nyň goranmak sekretary Bagdada bardy


Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Aş Karter Birleşen Ştatlaryň Yrakdaky ilçisi Stuart Jones (çepden ikinji) we ABŞ-nyň armiýasynyň general-leýtenanty James Terry (sagda) tarapyndan garşy alyndy.

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Aş Karter (Ash Carter) “Yslam döwleti” atly topara garşy göreşde Waşingtonyň Yragy goşmaça harby hyzmatdaşlyk kömegi bilen üpjün edip-etmezligini maslahat etmek üçin Bagdada bardy.

18-nji aprelde amerikan resmisine salgylanylyp berlen maglumatda Birleşen Ştatlar yraklylara ýardam bermek üçin hereket edýän bolsa, bu azyndan “ ýene-de kiçi göwrümli” amerikan güýçleriniň uruş zonasyna gitjekdigini aňladýana meňzeýär diýilýär.

Karteriň bu meseläni Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi, goranmak ministri Haled al-Obaidi we Birleşen Ştatlaryň armiýasynyň general-leýtenanty Şon MakFarland (Sean MacFarland) bilen maslahat etmegine garaşylýar. MakFarland “Yslam döwleti” atly topara garşy söweşde Birleşen Ştatlaryň iň ýokary derejeli harby komandiridir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG