Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain sudy iki orsýetlini höküm etdi


Ýewgeniý Ýerofeýew (çepde) we Aleksandr Aleksandrow. 18-nji aprel, 2016 ý. Kiýew.
Ýewgeniý Ýerofeýew (çepde) we Aleksandr Aleksandrow. 18-nji aprel, 2016 ý. Kiýew.

Ukrainanyň sudy iki orsýet raýatyny ýurduň gündogarynda Orsýete tarapdar separatistleriň hatarynda söweşmekde aýyplap, her birini 14 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

18-nji aprelde Aleksandr Aleksandrow we Ýewgeniý Ýerofeýew höküm edilenden gysga wagt soň, Kreml çykyş edip, ukrain prezidenti Petro Poroşenkonyň we rus prezidenti Wladimir Putiniň telefon arkaly gepleşikleri geçirendigini mälim etdi.

Şol gepleşiklerde ukrain-rus prezidentleriniň orsýetli iki raýatyň, şeýle-de ukrain harby piloty Nadia Sawçenkonyň “ykbaly” barada maslahat edendigi habar berilýär. Sawçenko Orsýetde adam öldürmek aýyplamalary bilen höküm edildi.

Synçylaryň ençemesi Kiýew sudunyň orsýetli iki raýata garşy çykaran höküminiň iki ýurduň tussaglary çalyşmagy üçin ýol açmagyna garaşýar. Şol bir wagtda Kreml şeýle çäräniň bolup-bolmazlygy barada henize çenli aç-açan maglumat bermeýär.

XS
SM
MD
LG