Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň kredit derejesi peseldildi


Gazak teňňesi we dollar
Gazak teňňesi we dollar

Fitch Ratings agentligi, nebit bahasynyň arzanlamagynyň ýurduň ykdysadyýetine ýaramaz täsir ýetirendigini aýdyp, Gazagystanyň kredit derejesini aşak düşürdi.

Fitch Gazagystanyň kredit derejesini BBB+dan BBB-ä, ýagny kompaniýanyň ikinji derejeli pes inwestisiýa derejesine getirdi.

Bu Gazagystanyň pul birligi ýanwar aýynda nebit bahalarynyň peselmegi bilen rekord derejede hümmetini ýitireli bäri edilýän üçünji peseldişdir.

Dereje berýän agentlik nebit bahalarynyň peselmegi Gazagystanyň hökümetiniň 2015-nji ýyldaky JIÖ ösüşiniň bergisiniň, ondan öňki ýyl 13.9 prosent bolanlygyndan, 22.1 prosente bökendigini aýtdy.

Fitch Gazagystanyň ykdysadyýetiniň bu ýyl hem 1 prosent peseljegini çaklaýar.

Agentlik Gazagystanyň mart aýyndaky inflýasiýa derejesiniň hem ýokary, ýagny 15.7 prosent bolandygyny aýtdy.

Bu soňky ýedi ýyldaky iň ýokary hümmetsizlik bolup, kredit derejesiniň peseldilmeginiň sebäbi bolup durýar.

XS
SM
MD
LG