Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak protestçileri ýeriň hususylaşdyrylmagyna garşy


Ýeriň hususylaşdyrylmagyna garşy protest, Atyrau, 24-nji aprel, 2016
Ýeriň hususylaşdyrylmagyna garşy protest, Atyrau, 24-nji aprel, 2016

Gazagystanyň günbatar Oral şäherinde onlarça adam 4-nji maýda köçä çykyp, hökümetiň iýuldan başlap, döwlet eýeçiligindäki ýerleri auksion arkaly hususy eýeçilige bermek baradaky kararyna protest bildirdiler.

Polisiýa Oral şäheriniň merkezi meýdançasynda demonstrantlaryň jemlenen ýeriniň daşyny gabady. Şäheriň administrasiýasy protestçileri dargamaga ündedi, emma adamlaryň sany köpeldi.

Muňa derek protestçiler regional häkim Altaý Kolginow bilen duşuşygy soradylar we resmileri ýeriň satylmazlygyny wada bermäge çagyrdylar.

Ýeriň hususylaşdyrylmagyna garşy protestler 24-nji aprelden bäri Atyrau, Aktobe, Kyzylorda, Žanaozen we Semei şäherlerinde geçirilýär. Protestçiler ýer bölekleriniň korrupsion ýollar arkaly daşary ýurtlulara satylmagyndan howatyrlanýarlar.

Gazagystanyň Baş prokurory Žakip Asanow “hususylaşdyrmak barada galp maglumat” ýaýratmagyň jenaýatdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG