Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Malaziýanyň MH17 uçaryny Orsýetiň Buk raketasy urdy'


Malaýziýanyň MH17 ýolagçy uçarynyň ýere gaçan ýeri, Ukraina, 20-nji iýul, 2014.
Malaýziýanyň MH17 ýolagçy uçarynyň ýere gaçan ýeri, Ukraina, 20-nji iýul, 2014.

Malaýziýanyň ukrain territoriýasynda ýykylan uçary boýunça derňew geçirýän açyk-jemgyýet barlagçylar topary MH17 ýolagçy uçarynyň Orsýetiň Buk raketa atyjysy tarapyndan urlandygy baradaky netijä geldi.

Britaniýanyň garaşsyz derňewçiler topary bolan Bellingcat tarapyndan 3-nji maýda çap edilen hasabatda aýdylmagyna görä, MH17 uçary 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda Orsýetiň Kurskdaky uçara garşy 53-nji raketa brigadasynyň Buk 332 kysymly raketa atyjysy tarapyndan urulypdyr.

Prezident Wladimir Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow özüniň Bellingcat derňewiniň nädereje ygtybarlydygyny barlajakdygyny, sebäbi özünde “rus ýaraglarynyň belgilenen sanlaryny görkezýän hiç bir anyk maglumatyň ýokdugyny” aýtdy.

Peskow Buk 332-ä mahsus jikme-jik maglumatlaryň “Goranmak ministrliginiň ekspertlerini alada goýan bir meseledigini” aýtdy.

2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda heläkçilige uçran Malaziýanyň MH17 ýolagçy uçarynda 283 ýolagçy we 15 ekipaž agzasy bardy.

XS
SM
MD
LG