Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: ‘Hizballahyň’ ýokary derejeli komandiri öldi


 “Hizballah” toparynyň ýokary derejeli harby komandiri Mustafa Badreddin (Mustafa Badreddine). Bu surat 13-nji maýda "Hizballahyň" media edarasy tarapyndan ýaýradyldy.
“Hizballah” toparynyň ýokary derejeli harby komandiri Mustafa Badreddin (Mustafa Badreddine). Bu surat 13-nji maýda "Hizballahyň" media edarasy tarapyndan ýaýradyldy.

Siriýadaky partlamada “Hizballah” toparynyň ýokary derejeli harby komandiri öldürildi. Bu liwanly şaýy söweşiji toparyna agyr urgy boldy.

Gürrüňi edilýän topar Mustafa Badreddiniň (Mustafa Badreddine) ölümi bilen baglanyşykly jikme-jik maglumat bermedi. Emma düýbi Beýrutda ýerleşýän “Al-Maýadeen” telekanalynyň beren maglumatyna görä, Badreddin Ysraýylyň howa zarbasynda öldürilipdir.

Ysraýyl öňe sürlen bu maglumat barada henize çenli komentariý bilen çykyş etmedi.

Badreddin Liwanyň öňki premýer-ministri Rafik Haririni öldürmekde gaýybana sud edilýän dört adamyň biridir.

Badreddiniň ölümini 13-nji maýda ýaýradan beýanatynda mälim eden “Hizballah” topary: “Ol 1982-nji ýyldan bäri yslamçy operasiýalaryň tas ählisine gatnaşdy” diýdi.

XS
SM
MD
LG