Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan, Bangladeş bir-birine protest bildirdi


Motiur Rehman Nizami.

12-nji maýda Pakistanyň we Bangladeşiň hökümetleri bir-biriniň ilçilerini çagyryp, Bangladeşde yslamçy lideriň dardan asylmagy bilen baglanyşykly “berk protest” bildirdiler.

Bu iki musulman halk, 1971-nji ýyldaky uruşda Bangladeş öz garaşsyzlygyny yglan edýänçä, bir ýuduň iki bölegidi.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Bangladeş uruş döwründe Pakistanyň harby güýçlerini goldamakda aýyplap, adamlary sud edýär. Soňky ýyllarda Bangladeş bäş adamy ölüm jezasyna höküm etdi, olaryň iň soňkusy Motiur Rehman Nizamidir.

Pakistan Nizaminiň 11-nji maýda dardan asylmagyny “gynandyryjy” diýip häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG