Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa: Ysraýyl-palestin sammiti soňa goýuldy


Fransuz prezidenti Fransua Olland (Francois Hollande).
Fransuz prezidenti Fransua Olland (Francois Hollande).

Fransuz prezidenti Fransua Olland (Francois Hollande) palestin parahatçylyk gepleşiklerine gaýtadan başlamak maksady bilen geçiriljek halkara konferensiýanyň soňa goýulandygyny aýtdy.

Sişenbe güni Olland 30-njy maýda geçirilmegi planlaşdyrylýan sammitiň tomus paslyna çenli soňa goýulandygyny, sebäbi oňa Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerriniň gatnaşyp bilmejekdigini aýtdy.

Olland bu barada, fransuz daşary işler ministri Žan-Mark Aýrault (Jean-Marc Ayrault) Ysraýylyň garşy durmagyna garamazdan Pariž sammitiniň geçiriljekdigini mälim edenden bir gün soň, ýagny 17-nji maýda çykyş etdi.

Bu maslahat 20 ýurduň, şol sanda Müsüriň, Saud Arabystanynyň we Iordaniýanyň resmilerini bir ýere jemlär. Ýöne oňa Ysraýylyň ýa-da Palestinanyň territoriýasyndan resmiler gatnaşmaz.

XS
SM
MD
LG