Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenistanda iş ýüzünde hiç zat edilmedi”


Alnyp barylýan gurluşyk işleri sebäpli weýran edilýän öýleriň sany barha artýar.
Alnyp barylýan gurluşyk işleri sebäpli weýran edilýän öýleriň sany barha artýar.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen arada adam hukuklary boýunça geçirýän ýyllyk Dialogyna gabatlanyp, Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy dogrusynda beýanat ýaýradyldy.

Adam hukuklary boýunça "Türkmen inisiatiwasynyň" we Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlyk guramasynyň 17-nji maýda Brýusselde geçýän Dialogynyň öňüsyrasy ýaýradan bu beýanatynda ýurtdaky adam, jemgyýetçilik we media azatlyklarynyň ýagdaýlary beýan edilýär.

Dokumentde türkmen hökümetiniň ýurtdaky adam hukuklarynyň ýagdaýyny halkara standartlaryna gabat getirmek üçin: adam hukuklary boýunça ilkinji milli meýilnamany kabul etmek, adam hukuklary boýunça ombudsmanyň edarasyny döretmek baradaky planlaryny yglan etmek ýaly çäreleri geçirendigi aýdylsa-da, iş ýüzünde häzirki güne çenli hiç hili oňaýly özgerişlikleriň bolmandygy aýratyn bellenilip geçilýär.

Beýanaty taýýarlan guramalar ÝB-niň resmilerine ýüzlenip, Türkmenistan bilen geçirilýän Dialogyň dowamynda beýleki meseleler bilen birlikde özlerini aladalandyrýan ýagdaýlary hem gozgamagy soraýarlar.

Dokumentde nygtalyşy ýaly, türkmen Konstitusiýasynyň täze taslamasynyň Baş kanuny halkara standartlaryna gabat getirmek üçin kabul edilýändigi aýdylsa-da, göz öňünde tutulýan düzedişler prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýetde ömürlik galmagyna ýol açýar.

Türkmenistanda senszura kagyz ýüzünde gadagan bolsa-da, hökümet mediany berk gözegçilikde saklaýar. Häkmiýetler raýatlaryň satellit antennalaryny söküp, olaryň daşary ýurt tele we radio kanallaryny diňlemek mümkinçiklerini hem çäklendirýär.

Internet üpjünçiligi juda gymmat, üssesine-de ýurtda ençeme sosial ulgamlar, habar serişdeleriniň saýtlary petikli bolup galýar.

Häkimiýet daşary ýurt habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk saklaýanlary, graždan aktiwistlerini we öz pikirini aýtmaga gaýrat tapýanlary yzarlamagy we olara basyş etmegini dowam etdirýär.

Hasabatda ýanalýan beýleki raýatlar bilen birlikde Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçysy Saparmämmet Nepesgulýyewiň we dowamly basyşlar zerarly habarçylyk işinden çekilmäge mejbur edilen Osman Hallyýewiň atlary-da agzalyp geçilýär.

Adam hukuklary boýunça milli meýilnamada hökümete degişli bolmadyk guramalar üçin “oňaýly şertleriň” dörediljekdigi aýdylsa-da, hökümet diňe döwletiň gözegçiligindäki guramalary goldap, sözüň doly manysyndaky garaşsyz graždan jemgyýetleriniň ýurtda hereket edip bilmegi üçin hiç bir tagalla etmeýär.

Türkmenistanda müňlerçe adamynyň näresmi “gara sanawa” girizilip, ýurduň daşyna çykmagy çäklendirilendigine ynanylýar. Adam hukuklary boýunça milli meýilnamada BMG-niň adam hukuklary boýunça ekspertleriniň ýurda çagyryljakdygy aýdylsa-da, gürrüňi gidýän ekspertleriň onlarçasynyň bu baradaky haýyşlary ret edildi.

Ýurtda hökümetiň 2017-nji ýylda geçiriljek ”Aziýa oýunlary” üçin görülýän taýýarlyklaryň çäginde alyp barýan gurluşyk işleri sebäpli weýran edilýän öýleriň sany barha artýar. Jaýlary ýykylanlaryň aglabasyna hiç hili kompensasiýa berilmeýär, ýagny ýitirilen emlägiň döwlet tarapyndan bahasy ödelmeýär.

Adam hukuklary, Ýewropa Bileleşigi-Türkmenistan Dialogy iki tarapyň gatnaşyklaryny “düzgünleşdirmek” üçin ýola goýuldy. Ýewropa Bileleşigi-Türkmenistan Partnýorlyk we Hyzmatdaşlyk şertnamasyna 1998-nji ýylda gol goýlan bolsa-da, ol Türkmenistandaky adam hukuklary bilen bagly aladalanmalar zerarly häzire çenli-de ratifirlenenok.

XS
SM
MD
LG