Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň täsirli edarasyna berk syýasatyň tarapdary saýlandy


Aýatollah Ahmad Jannatini Eýranyň Ekspertler bileleşiginde çykyş edýär, Tähran, 24-nji maý, 2016
Aýatollah Ahmad Jannatini Eýranyň Ekspertler bileleşiginde çykyş edýär, Tähran, 24-nji maý, 2016

Eýranyň Ekspertler bileleşigi berk syýasatyň tarapdary bolan Aýatollah Ahmad Jannatini Eýranyň baş ruhany liderini saýlaýan we onuň işine syn edýän täsirli gurmanyň ýolbaşçysy wezipesine saýlady.

88 agzaly Ekspertler bileleşigi 24-nji maýda 51 ses bilen Jannatini saýlady.

Ýene iki konserwatiw Aýatollah Ebrahim Amini we Mahmud Haşemi Şarhoudi 21 we 13 ses topladylar.

Aram we reformaçy syýasatçylardan hiç biri wezipä dalaş etmedi.

89 ýaşly ruhany Jannati Eýranyň prezidenti Hassan Rohanini we onuň Eýrany üzňelikden çykarmak hem Günbatar bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak boýunça tagallalaryny tankyt edýär.

XS
SM
MD
LG