Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krym: Tatar aktiwisti ýitirim boldy


Erwin Ibragimow, Krym
Erwin Ibragimow, Krym

Krymly tatar aktiwisti Erwin Ibragimowyň ýitirim bolandygyny onuň kärdeşleri aýdýarlar.

Krym tatarlarynyň öz-özüni dolandyrýan guramasy Mejlisiň başlygynyň orunbasary Nariman Jelal Ibragimowyň geçen gije ýitirim bolandygyny 25-nji maýda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ibragimowyň garyndaşlarynyň onuň bilen habarlaşmak mümkinçiligi ýok.

Krymyň Orsýetiň gözegçiligindäki ýolbaşçylary aktiwistiň ykbaly barada resmi maglumat bermediler.

Ibragimow Bahçisaraý şäheriniň geňeşiniň öňki deputaty we Krym tatarlarynyň Bütindünýä kongressiniň agzasy.

Orsýetiň Krym ýarymadasyny 2014-nji ýylyň mart aýynda Ukrainadan bölüp öz düzümine goşmagyndan soň, krym tatarlarynyň ençemesi ýitirim boldy. Olaryň käbiri yzýany öli tapyldy.

Krymyň tatar ilatynyň uly bölegi Orsýetiň ýarymadany anneksiýa etmegine açyk garşy çykdy.

XS
SM
MD
LG