Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: Owganystanda içerki bosgunlar problemasy agyrlaşýar


Owganystanyň içinde bosgunlykda ýaşaýan owgan maşgalasy, Hyrat
Owganystanyň içinde bosgunlykda ýaşaýan owgan maşgalasy, Hyrat

Konfliktden gaçyp, öz ýurdunyň çäginde göçüp ýaşamaga mejbur bolan owganystanlylaryň sany soňky üç ýylda iki esse artyp, 1.2 million adamdan aşdy, diýip “Amnesty International” guramasy habar berdi.

Londonda ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy toparyň soňky hasabatynda görkezilen sandan daşary ýene 2.6 million owganystanlynyň ýurduň daşynda bosgun bolup ýaşaýandygyny aýtdy we bu görkezijileriň soňky 40 ýylyň dowamynda “Owganystanda takmynan her bir maşgalanyň öz öýüni terk etmek bilen bagly ýagdaýy başdan geçirendigini aňladýandygy bellendi.

Hasabatda ýurduň içinde göçürilen adamlaryň zerur ýaşaýyş şertleriň, azygyň we suwuň, medisina kömeginiň ýetmezçiliginden mätäçlik çekýändigi, şeýle-de bilim almak hem-de işe ýerleşmek mümkinçiliginden mahrum bolýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG