Owganystanyň Içeri işler ministrligi “Talybanyň” janyndan geçen hüjümçisiniň Kabulda awtobusa eden hüjümi zerarly 14 sany nepally janpenanyň wepat bolandygyny aýtdy.
Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekili Sedik Seddiki 20-nji iýunda irden bolan hüjümde ýene sekiz adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Partlamada ýaralananlaryň biriniň “Associated Press” agentligine aýtmagyna görä, hüjüme sezewar edilen janpenalar Kanadanyň Kabuldaky ilçihanasynyň goragyny üpjün edýän toparyň düzümine girýärdi.
Owgan resmileri awtobusyň daşary ýurtly howpsuzlyk şirketi tarapyndan kireýne alnandygyny aýtdylar emma onuň adyny agzamadylar.
“Talybanyň” metbugat-wekili Zabihullah Mujahid guramanyň hüjüme jogapkärdigini Twitter ulgamy arkaly mälim etdi we hüjümçiniň “daşary ýurtly basyp alyjylarynyň janpenalaryny” bilkastlaýyn nyşana alandygyny aýtdy.