Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB -Türkmenistan Ylalaşygy ýene tassyklanmady


Ýewropa Parlamentiniň binasy.
Ýewropa Parlamentiniň binasy.

Ýewropa Parlamenti Türkmenistan bilen göz öňünde tutulýan “Partnýorluk we Hyzmatdaşlyk” ylalaşygynyň tassyklanmagyny ýene-de gaýra goýdy. Bu barada Ýewropa Parlmentiniň metbugat merkezi maglumat berýär.

21-nji iýunda ýaýradylan beýanatda türkmen hökümetiniň 2008-nji ýyldan bäri ýurtda her dürli reformalary geçirendigi, şeýle-de Ýewropa Bileleşigi bilen has içgin işleşmäge gyzyklanma bildirendigi aýdylýar.

Şol bir wagtda-da Ýewropa Parlamentiniň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň Türkmenistan bilen baglaşmagy göz öňünde tutulýan "Partnýorlyk we Hyzmatdaşlyk" ylalaşygy dogrusynda, şu maý aýynda geçiren diňlenişiginde, Parlamentiň Türkmenistandaky amal edilen reformalaryň kanagatlanarsyzdygyny belländigi hem nygtalyp geçilýär.

Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy bilen baglylykda bildirilýän düýpli aladalanmalar sebäpli Ýewropa Parlamentiniň Daşary gatnaşyklar boýunça komiteti Türkmenistan bilen baglaşmaly Ylalaşygyň, kanagatlandyryjy özgerişler göze ilýänçä, tassyklanmagyny gaýra goýdy diýip, sişenbe güni ýaýradylan beýanatda aýdylýar.

Koalisiýa

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Ýewropa Parlamentiniň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň diňlenişiginiň öňüsyrasy adam hukuklaryny gorap çykyş edýän 30 çemesi guramadan düzülen koalisiýa Ýewropa Parlamentine hat ýollap, onda türkmen hökümeti adam hukuklary boýunça bildirilen talaplary berjaý edýänçä, Ylalaşygyň tassyklanmagyny gaýra goýmagy sorapdylar.

“Türkmen hökümeti, Ýewropa Parlamentiniň Türkmenistanda adam hukuklarynyň gözgyny ýagdaýyny nazara alyp, adam hukuklary boýunça kesgitlän şertleriniň birini-de berjaý etmedi. Ýewropa Bileleşigi bu Ylalaşyk babatynda öňe ädim ätmek mümkinçiliklerini hatda göz öňünde tutubam oturmaly däl” diýip, ýokarda agzalan koalisiýanyň düzümine giren Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktorynyň orunbasary Reýçel Denber belleýär.

Ýewropa Bileleşigi-Türkmenistan Partnýorluk we Hyzmatdaşlyk şertnamasyna 1998-nji ýylda gol goýlan bolsa-da, ol Türkmenistandaky adam hukuklary bilen bagly aladalanmalar zerarly häzire çenli-de ratifisirlenenok.

Ýewropa Bileleşigi bu Ylalaşygyň ratifisirlenip bilmegi üçin türkmen hökümetiniň adam hukuklary boýunça ýurtda berjaý etmeli şertlerini kesgitläpdi. Olaryň arasynda:

- Hiç bir şert goýulmazdan, ähli syýasy tussaglaryň azat edilmegi;

- Erkin syýahat edip bilmek mümkinçilikleriniň öňündäki bökdençlikleriň ýatyrylmagy;

- Gyzyl haç Halkara Jemgyýetiniň we beýleki garaşsyz synçy toparlaryň ýurda gelip bilmegine mümkinçilik döredilmegi;

- Graždan azatlyklarynyň gowulandyrylmagy – ýaly talaplar hem bar.

XS
SM
MD
LG