Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medeniýet hepdeligine düşýän doglan gün


 Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bir kem altmyş ýaşady.

Türkmen telewideniýesi prezidentiň doglan güni mynasybetli ýurduň ähli künjeginden we daşary ýurtlardan gutlag hatlarynyň we telegrammalaryň gelýändigini habar berýär.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýty 28-nji iýunda Özbegistanyň, Gazagystanyň, Belarusyň, Ukrainanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet baştutanlarynyň türkmen prezidentine iberen gutlag hatlaryny çap etdi.

Türkmen telewideniýesiniň berýän maglumatyna görä,ýurduň döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrler, edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň ýolbaşçylary öz gutlaglarynda «milli lideriň paýhasly ýolbaşçylygynda», «berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe» watanyň belent sepgitlere ýetendigini aýdýarlar.

Şeýle-de gutlaglarda «ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygy» we Türkmenistanyň halkara abraýynyň belende galýandygy» bellenilýär.

Türkmenistanyň ozalky prezidentiniň doglan güni ýurduň Baýdak gününe gabat gelen bolsa, prezident Berdimuhamedowyň doglan güni indi birnäçe ýyl bäri ýurduň dürli welaýatlarynda gezekleşdirilip belenilýän medeniýet hepdelikleriniň soňuna gabat gelýär.

Emma aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew prezident Berdimuhamedowyň doglan gününiň dabarasynyň Nyýazowyň doglan günleriniň dabarasynyň derejesine ýetip bilmeýändigini aýdýar.

Ýöne Berdimuhamedowyň 56 ýaşy dolanda, 350 orunlyk gämide meşhur amerikan aýdymçysy Jennifer Lopeziň gatnaşmagynda guralan konsert düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän HRF adam hukuklary fondunyň Türkmenistandaky adam hukuklary ýagdaýyny ýatlatmagyna, amerikan ýyldyzyny bolsa tankyt etmegine getiripdi.

Şonda Jenifer Lopezden başga, Berdimuhamedowyň doglan gününde ors aýdymçysy Filip Kirkorow, türkiýeli ýyldyz Mustafa Sandal, arap ýyldyzy Nansy Ajram we hytaý, ukrain we türkmen bagşylary aýdym aýtdylar.

Türkmenistanda döwlet baştutanynyň doglan gününiň jemgyýetçilik tarapyndan, uly dabara bilen bellenmegi indi ýigrimi ýyl çemesi wagt bäri dowam edýär. Ýazyjy A.Bugaýew bu ýagdaýyň halk tarapyndan «bolmaly zat ýaly kabul edilýändigini» aýdýar.

Emma onuň pikiriçe, bu pursatdan ýurtdaky çyn edebiýatyň, sungatyň gyra süýşürilmegine «uly ýardam eden» ýazyjy-şahyrlar, bagşy-sazandalar mümkin boldugyndan şahsy peýda görmäge çalyşýarlar.

Geçen ýyl prezident Berdimuhamedowyň doglan gününe gabat Aşgabatda «Arkadag» parky, seýilgähi açylypdy. Bu parkyň umumy meýdanynyň 7 gektara barabar bolup, onuň içinde daşyna mermer ýabşyrylan dürli desgalaryň bardygy aýdylýar.

Daşary ýurt habar serişdeleri, hususan-da AFP 2015-nji ýylda «Türkmenistanyň ilaty öz prezidentiniň 58 ýaşyny onuň adyna ullakan seýilgäh açmak bilen gutlady» diýip ýazypdy.

Prezidentiň doglan gününe ilatyň bu ýyl nähili sowgat etjekdigi häzirlkçe belli bolman galýar.

XS
SM
MD
LG